Öý tekstili

Öý Tekstili Önümleri – Hilli Dokma

Hilli Dokma Türkmenistanyň öňdebaryjy öý tekstili öndürijilerinden biridir. Ýokary hilli ýorgan örtükleri, ýassyk gaplary we hammam halatlaryny öz fabrikamyzyň häzirki zaman enjamlarynda öndürýäris. 100% pagta ýaly çig mallardan taýýarlanýan önümlerimiz ýumşaklygy, berkligi we saglyk üçin howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.

Öý tekstili önümleri

Aýda 500 000 metrden gowrak öý tekstili matasyny dokap we boýap, öz tikin sehlerimizde iň häzirki zaman tikin maşynlary bilen taýýar önüm halyna getirýäris. Reaktiw we pigment boýama usullary bilen reňkleriň ýuwulmazlygyna we ýagtylygyna 100% kepillik berýäris.

Näme üçin bizi saýlamaly?

100% pagta – deri üçin iň oňaýly we saglykly materiallar

200–1000 sap/cm² aralygynda ýokary ýüplük sanawy (ýumşaklyk we berklik)

Reaktiw boýama – ýuwulanda reňk solmaýar we akmaýar

OEKO-TEX Standard 100, GOTS we BCI sertifikatlary – himiki maddalardan arassa

Özboluşly dizaynlar we müşderiniň islegine görä ýörite ölçeg we reňk öwüşgülerini edýäris

400–800 gm aralygynda ýokary suw siňdiriş ukyby bolan hammam halatlaryny hödürleýäris